tagma
Türkmenche Izahliq Lughet (Kyýasowa, 2016)
tagma
[tağma], at. 1. Dowarlaryň, iri mallaryň haýsy hojalyga, şahsa degişlidigini bildirmek üçin gyzdyrylan sim, syndy ýaly zatlar bilen olaryň endamyna, gulagyna basylyp salynýan nyşan, alamat, bellik. 2. Bir zatda edilýän ýönekeý bir bellik. Onuň daşyna öz tagmasyny bassyn, soň tanap alar ýaly (B. Seýtäkow). 3. göç.m. Çekilen ejirden, horlukly günden galýan yz, nyşan. Dogrusyny dogry aýtsaň, Ahmediň endam-jany ýarag tagmasyndan ýaňa persalady (A. Nazarow). – Şol boýnundaky gyranyňy ber, keýgim – diýip, ejesi onuň ýüzünde özleriniň agyr durmuşlarynyň tagmasyny gördi (H. Derýaýew).