sersepil
Türkmenche Izahliq Lughet (Kyýasowa, 2016)
sersepil
[sersepi:l] I, at, ösüml.d. Sersepiller maşgalasyna degişli, boýy 80-150 sm. ýetýän, keseligine güýçli ösen baldakly, teňňe görnüşli ýaprakly, köp ýyllyk otjumak ösümlik (gülleri tutuk ýaşyl-sary reňkli, miwesi alty çigitli, gyzylja, ownuk, togalajyk bolýar, özi-de tohumyndan köpelýär).
SERSEPIL [sersepi:l] II, syp. Biriniň ýa-da bir zadyň ugrunda, gözleginde alakjap ýören, sergezdan. Sen ýaşlyk çagyňy salýarmyň ýada? Onlap oglan sersepildi yzyňda (B. Hudaýnazarow).
‣ Sersepil bolmak bir zadyň gözleginde köp gezmek, gözläp entemek. Ine, bu meniň gije-gündiz ýatman, yzynda sersepil bolup ýören eserim (N. Saryhanow).