pelte
Türkmenche Izahliq Lughet (Kyýasowa, 2016)
pelte
at. 1.Çyra, şem we ş.m. yşyklandyryjy enjamlarda ýüplükden işilip, örülip ýa-da dokalyp ýasalan ýüp. Ömrüň şugla ursa, ýürek ýagyňdyr, Ýag tükener, peltäň söner, öçer sen (Magtymguly). 2. Çakmaksyz tüpeňlerde därä ot düşürmek üçin ulanylýan pagta bölegi. Gow bilen ot aldy we ony pagtadan edilen peltä düşürdi (A. Gowşudow).
‣Peltesine ot bermek (ýag damdyrmak) derdini gozgamak, meçew bermek, öjükdirmek. Köşeşdirmegiň ýerine, sen onuň peltesine ýag damdyrýarsyň (B. Pürliýew).