leňňer
Türkmenche Izahliq Lughet (Kyýasowa, 2016)
leňňer
at. 1. gepl.d. Bir zadyň agramy. Gara dag gara ýeriň leňňeri (Nakyl). Ýeliň zarby hem onuň öz leňňeri wyşkany iki-baka näçe yrasa-da, güýçli traktorlar onuň ýykylmagyna maý bermeýärdi (B. Kerbabaýew). Garry ene: "Torbanyň-a agram, leňňeri ýok eken, özümem äkidip biljek" diýdi. 2. Bir zadyň mäkäm durmagy üçin agramlyk daş ýa-da başga bir zat. Degirmen daşynyň üstünde goýulýan leňňer agyr goýulsa, un maýda üwelýär, ýeňil goýulsa, un irimçik bolýar.
‣ Leňňer atmak agramyna yranyp durmak. Gämi deňizde leňňer atyp durdy.
Axir izdelgen sözler:
- konfeksiyon,
- refrigerator,
- quruq,
- corroborate,
- künc,
- siyir,
- Evlek,
- ozishuv,
- evül,
- syrdam,
- Pugta,
- transmutation,
- karnaychi,
- Mıymıntı,
- lahut,
- nw,
- takkı,
- atylmak,
- çoxlu,
- yonbarg,
- akbabagiller,
- leňňer