turklehceleri.org

kätmen

Türkmenche Izahliq Lughet (Kyýasowa, 2016)

kätmen

[kä:tmen], at. Ýer bejermek, ekinleriň düýbüni ýumşatmak, otag etmek üçin ulanylýan, agzy aşak bakyp duran, uzyn saply oba hojalyk guraly. Ynha, bu ýyl bolsa ol gowaçalary atanaklaýyn bejerip, agyr kätmenden dyndardy (B. Öwezow).
 ‣ Kätmen urmak kätmen bilen ýeri kätmenlemek. Ol kätmen urup ýören bir oglanyň ýanyna bardy (Ö. Abdyllaýew).


Axir izdelgen sözler: