turklehceleri.org

kejebe

Türkmenche Izahliq Lughet (Kyýasowa, 2016)

kejebe

[kejeve], at. 1. Gelin alnanda, gelni atasy öýünden mündürip alyp gaýtmak üçin niýetlenen gelinalyjy, atbaşçy maşyn. Kejebe maşyn geldi. 2. kön. s. Gelin alnanda, gelni atasy öýünden mündürip alyp gaýtmak üçin düýäniň howudynyň üstünde jaýlaşykly oturar ýaly bezelip gurnalan ýörite çadyr. Kejebäňi çekmäge ak maýa gerek (Halk aýdymyndan). Ýene bir günem akmaýaň üstünde ak kejebe gurap, gelnalyjy bilen atbaşçy geldi (N. Pomma). 3. kön.s. Töwerek-daşy arpa ýa-da bugdaý sypalyndan örülýän aşagy bekli, depesi ýapgyt odur- budur, goş salynýan desga. 4. Köýnegiň ýakasyna, hala salynýan kejebe görnüşli nagyş. Ol köýneginiň ýakasyna kejebe nagşyny saldy. 5. gepl. d. Köplenç, üsti, töweregi ýapyk, içiniň meýdany giň bolmadyk orun, kabina. Maşynyň kejebesinde sürüji bilen ýene iki adam bardy.
 ‣ Kejebäň darykmak (garyşmak) pursatlyk gaharyň gelmek, bir zat üçin dünýäň darykmak.


Axir izdelgen sözler: