güneý
Türkmenche Izahliq Lughet (Kyýasowa, 2016)
güneý
[günöý], at. Dagyň, depäniň we ş.m. gün düşýän tarapy. Ýandakdan basylyp edilen agyllaryň ygynda, ýylgyndyr gandymlaryň düýbünde, gum depeleriniň gýneýinde iňňäň ujy ýaly bolup dürterip çykan gyrtyçlar basym geljek joşgunly baharyň buşlukçylary ýaly bolup jyklaşýardylar (Gurbanguly Berdimuhamedow, Älem içre at gezer, 8 s.). Adamlar bolsa galanyň güneýinde ýa-da guzaýynda üýşüşip, gürrüňe meşguldylar (A. Gowşudow). Güneýleri bardyr ýaşyl ýylakly (K. Gurbannepesow).