turklehceleri.org

göwün

Türkmenche Izahliq Lughet (Kyýasowa, 2016)

göwün

at. Adamyň içki ruhy dünýäsi, içki duýgy, ýürek (göçme manysynda), köňül.
 ‣ Göwne almak aýdylan söz ýa-da edilýän hereket zerarly öýke etmek, gaty görmek, ýokuş görmek. Göwne degmek närazy etmek, öýkeletmek, gynandyrmak. Göwne getirmezlik ser. Göwne almak. Meniň sözümi göwnüňe getiräýdiňmi? (B. Seýtäkow). Göwne jaý bolmak kanagatlanarlyk halda, ýagdaýda bolmak, dogry tapylmak, makul bilinmek. Göwne makul bolmakser.Göwne jaý bolmak. Göwni bitgin öz eden işinden ýa-da bolşundan göwnühoş, razy bolmak, öz hereketinden hoşal bolmak. Göwni bitmek birinden razy bolmak, hoşal bolmak, islegi kanagatlandyrylmak. Sizden göwnüm bitdi (N. Saryhanow). Göwni bozuk gaýgyly, gamgyn. Göwni galmak birinden bir iş üçin kine etmek, gaty görmek, närazy bolmak, öýke etmek. Göwni ýetmek oňat hasaplamak, gowy diýip tapmak, pisindiň oturmak, hoşal bolmak, kanagatlanmak. Hanyň hem bagşysyna göwni ýetýär (N. Saryhanow). Göwnüne garalyk gitmek bir zada müňkür, betgüman bolmak, şübhelenmek, ynamyň gaçmak. Göwnüne garamak ugruna kowmak, diýenini etmek, garşy gitmän, razy etmek. Eje, ata-eneleriň maşgalanyň öz göwnüne-de garamaklary gerek ahyryn (A. Gowşudow). Göwnüňe gelenini etmek öz islegiňçe hereket etmek, bir işi, meseläni geňeşmän, maslahatlaşman özüňçe çözmek. Sen öz göwnüňe gelenini edip ýörme-de, kakaňa gulak as! Göwnüne gelmek gorky, kine, öýke we ş.m. zatlar ýada düşmek, betgüman bolmak, iňkisli bolmak. Göwnüne güman gitmekser. Göwnüne garalyk gitmek. Göwnüni awlamak biriniň göwnüni almak, göwnünden turmak, göwnüni hoş etmek. Göwnüni görmekser. Göwnüni awlamak. Göwnüni götermek birini begendirmek, şatlandyrmak, ruhlandyrmak, ruhy taýdan galkyndyrmak. Göwnüni ýykmak halanmajak söz aýdyp ýa-da bolgusyz hereketiň bilen birini gaty gynandyrmak. Göwnüň bozulmak bir sebäbe görä gamgyn bolmak, ejizlemek, hamsykmak.Ol geçmişini ýatlanda göwni bozulardy.Göwnüňe geňeşmek bir işe başlamazdan öň pikir etmek, oýlanyp görmek, pikirlenmek, öz ýaňyndan öz-özüňe sala salmak. Toý etmek hakynda öz göwnüňe geňeşip gördüňmi?Göwnüň geçmek biri ýa-da bir zat hakynda edýän tamaň çykmazlyk, tamaň puç bolmak. – Şu haty Gözele ber diýdim welin, etmedi, şondan bäri Ogulbikeden göwnüm geçdi – diýdi (A. Durdyýew). Göwnüň gitmek bir zada, birine gözüň gitmek, gowy görmek, meýil etmek. Göwnüň göterilmek şähdiň açylmak, keýpiň kökelmek, ruhlanmak. Sergi zalyna gireniňde göwnüň göterilýär.Göwnüňi aldamak özüňi hoşal etmek, ynandyrmak, bir işiň boljagyna umyt etmek. Öz göwnüňi aldap ýörme, ýazan hatyň giçdir indi (B. Hudaýnazarow). Göwün açmak gaýgy- gussany taşlamak, şatlanmak. Ol hem ikiçäk gürleşmegiň, göwün açmagyň arzuwyndady (G. Kulyýew). Göwün bermek halamak, sulhuň almak. Göwün bölekçiligi bolmazlyk bir perdeden gopmaklyk, bir pikirde durmaklyk. Olaryň biri- birinden göwün bölekçiligi bolmandy. Göwün bölmek öňki eden pikirinden, maksadyndan boýun gaçyrmak, wadasyndan dänmek. Onuň aýdyp ugran habary onuň göwnüni böldi (B. Seýtäkow). Göwün döwülmek ozal gowy aragatnaşykda bolan adamyňdan bir sebäbe görä gaty öýkelemek, juda gaty görmek, göwnüň galmak, göwnüň geçmek. Göwün etmek tama eden zadyň amala aşmansoň kine saklamak. Göwün posuňy dökmek ýüregindäki, göwnündäki hyýalyny, isleg- arzuwyny gowy görýän adamyň ýanynda aýtmak, içiňi dökmek. Bütin gijäni onuň bilen söhbet gurap, göwnüniň posuny dökerdi (G. Kulyýew). Göwün solpudan çykmak keýpden çykmak, öz göwnüňe laýyk etmek, armandan çykmak, hezil edinmek. Olar bilen degşip-gülşüp, göwün solpusyndan çykypdyrlar (N.Pomma). Göwün sowatmak 1) gep berip iki adamyň arasyny bozmak. 2) işden we ş.m. zatlardan ýüz öwürmek. 3) keýpden çykyp ynjalmak, içiňi sowatmak. Göwün ýüwürtmek köp zatlary hyýal etmek, arzuw etmek. Ol göwün ýüwürdip gelşine wagtyhoşluk bilen ýuwaşja hiňlenýärdi (G. Kulyýew). Özi kül üstünde, göwni kap dagynda özüniň ýagdaýynyň pesligini bilmän, amala aşyryp bilmejek zatlary barada hyýal edýän adam hakynda aýdylýar.


Axir izdelgen sözler: