turklehceleri.org

gowşak

Türkmenche Izahliq Lughet (Kyýasowa, 2016)

gowşak

[gowşok], syp. 1. Berk däl, pugta bolmadyk, yranyp duran. Dikilen agaçlar gowşakdy. 2. göç.m. Dogumly däl, emelsiz, sölite, lellim, özüni oňarmaýan. Gowşak çaga. 3. Ökde däl, güýçli däl, pes. Bu gezek biziň toparymyz örän gowşak oýnady. 4. Çala, ysgynsyz, ýuwaş, pes. Onuň sesi hem keselliňki ýaly gowşakdy. 5. Gaty tow berilmedik. Ýüpegi gowşak işseň, gaýma gowy düşýär. 6. Pes depginli, haýal. Aýdyşyňyza görä, siz birneme gowşak deprenýärsiňiz öýdýän? (B. Pürliýew). 7. Çeperçilik taýdan pes, ugursyz. Gowşak setirler.
 ‣ Gowşak damaryny tapmak bir işi bitirmek ýa birini yrmak üçin gorkýan, çekinýän ýa-da göwneýän zadyny bilmek. Küle häzir onuň gowşak damaryny tapyp, öz peýdasyna yňdarmany başardy (N. Baýramow).


Axir izdelgen sözler: