galmak
Türkmenche Izahliq Lughet (Kyýasowa, 2016)
galmak
işl. 1. Ýokary göterilmek. Şamlan aý ýaňyja dogup, galyp başlady (A. Gowşudow). 2.Ýerden göge göterilmek, uçmak. Agajyň üstünde gonup oturan guşlar birden asmana galdy. Uçarlar asmana galyp gitdi. 3. Ör turmak, dikelmek, turmak. Ol ýeňillik bilen ýerinden galdy. 4. Derejesi artmak. Abraýy galmak. 5. Keselden, ýarawsyzlykdan gutulmak. Ol keselden açylyp, galyp gitdi.
GALMAK [ga:lmak], işl. 1. Bir ýerden ikinji ýere gitmän ýa-da äkidilmän, öňki ýerde bolmak. Arwananyň ýüki galmaz, Ýola girseň ner biläni (Magtymguly). 2. Ýaryşda soň gelmek, işde we ş.m. ýetişmän yzda bolmak, yzagalak bolmak. Atlaryň hemmesi birinji aýlawda gyr atdan galdy. 3. Bir ýere gitmekden saklanmak. Işden galmak. Okuwdan galmak. 4.Ýetişip bilmezlik. Awtobusdan galmak. 5. Ýatdan çykmak, alynman gaýdylmak. Myhmanlaryň biriniň-ä elýaglygy galypdyr. 6. Harçlanyndan, sowlanyndan belli bir möçberde artyk bolmak, galyndy bolmak. 100 müň manatdan 50 müň manat galdy. 7. Wagt, möhlet gerek bolmak. Baýrama çenli 5 gün galdy. 8. Bökdenmek, ýöremän ýatmak. – Meniň dükanda söwdam galar – diýip, Myrat aganyň ýüzüne seretdi (H. Derýaýew). 9. Bir iş etmek ukybyny ýitirmek (öňünden gelýän söz çykyş düşümde gelýär). Indi biz hatdan galdyk. Maşyn sürmekden galanyma ep-esli wagt boldy. 10. Aýrylmak. Kellämiň agyrysy galdy. 11. Soňa goýulmak, başga wagta geçmek. Ýygnak ertire galdy.12. Galmak kömekçi işligi sypatdan soň gelip, täze manyly düzümli işlik ýasalýar: Aman galmak ölmän galmak, aman çykmak. 13. Galmak kömekçi işligi hal işliginden soň gelip, täze manyly düzümli işlik ýasalýar: Bilip galmak bir zada göz ýetirmek, düşünmek. Men onuň nähili adamdygyny soň bilip galdym. Boşap galmak ýaşaýjylary dargamak, gitmek. Oba boşap galypdyr. Doňup galmak ýolda-yzda, meýdanda we ş.m. ýerde gaty üşäp ölmek.
‣ Galan at öleniň hatyrasy üçin onuň özüniň ýa-da çagalarynyň, başga bir ýakyn garyndaşynyň çagasyna dakylýan at.