egin
Özbekche—In'gilische Lughet (Dirks, 2005)
egin
3pp. egni: shoulders, upper back; clothing, outfit.
Qirghizche – Türkiye Türkchisi Lughiti (Yudahin)
egin
1. ekin; dan eginder 1) taneli ekinler; 2) hububat; egin aydoo: çift sürmek ve ekin ekmek; 2. hububat veren bitkiler; egin dayardoo: hububat tedariki.
Türkmenche Izahliq Lughet (Kyýasowa, 2016)
egin
[eğin], at.1.Goluň göwrä baryp birleşýän ýerinden boýna çenli bolan aralyk, gerden. 2.Bütin göwre üsti, üst, arka. Bäşim egnine donuny ýasgynjak atdy (B. Japarow). 3. Uly bolmadyk beýiklik, alaň, depe. Obanyň ilersinde uly egin bar. 4. Ýelkeni gerekli ýagdaýda saklamak üçin yk tarapyndan çekdirilýän ýüp.
‣ Egin deňeşdirmek bäsleşmek, deňeşmek. Egni bitin egin-eşigi ýerbe-ýer, geýim-gejime mätäç däl. Egni egne berip deň hatarda durup, zähmetini, kynçylyklary deň çekişip. Adamlar egni egne berip zähmet çekýärler. Egni gysyk pukara, keýpsiz. Egninden basmak öz ugruna goýbermezlik, ýüküni agraltmak, galyndyrmazlyk. Egnine kakmak 1) çalajadan egnine urmak. Ol meniň egnime kakdy (B. Gulow). 2) iki eliň bilen egniniň üstünde eliňi goýup salamlaşmak (aýallar hakynda). Garry daýza gapydan içerik ätläp, ýeke-ýekeden gelin-gyzlaryň egnine kakyp çykdy. Egniň bilen çekmek ser. Eliň bilen edeniňi egniň bilen çekmek. Egniňde tozsun (ýyrtylsyn) täze geýimiňi özüň geýip, özüň ýyrt, ýyrtylýança geýmek nesip etsin! Egniňden gum sowurmak şerraýlyk, haýýarlyk etmek, boýun almazlyk. Egniňi gysmak 1) bir zada açyk düşünmezlik, haýran galmaklyk, geň galmaklyk ýagdaýyny görkezmek. Men düşünmän, egnimi gysdym (H. Ysmaýylow). 2) çekinjeňlik edip, müzzerilip ýörmek, ýygrylyp gezmek, kibitiňi gysmak. Bilýän bolsaň, iki jahan owarrasy bolup, egniňi gysyp ýörmezdiň? (B. Kerbabaýew).
Türkiye Tillar Diwani (TDK)
egin
eğin, sırt·I, 77, 110
eni bir buçuk karış, uzunluğu dört arşın gelen bir bez· I, 78