doldurmak
Türkiye Türkchisi – Tatarche Lughet (Ganiyev, 1998)
doldurmak
ф. төрле мәгъ. тутыру
Türkmenche Izahliq Lughet (Kyýasowa, 2016)
doldurmak
[do:llurmok], işl. 1. Bir zadyň içini doly etmek; püre-pür etmek. Myhman Suhan gatynyň uzadan çäýnegini öňüne süýşürip, käsesini doldurdy-da: – Suhan aga, henizem düýeleriň Hywa gatnaýandyr? – diýip söz gatdy (H. Derýaýew). 2. Birnäçe bolup bir zadyň (jaýyň, köçäniň we ş.m.) içinde durmak, oturmak. Ýalaňaç gylyçly atlylar köçäni dolduryp durdular (B. Kerbabaýew). 3. Gerek bolan ähli maglumatlary ýazmak. Alyň, kagyzy dolduryň! Tablisany doldurmak. 4. Üstüni ýetirmek, goşmak. Çykyp geplän ýoldaşlar hem onuň üstüni doldurdylar (B. Kerbabaýew). 5. Ýerine ýetirmek, berjaý etmek. Şu günler biz gije-gündiz ýatman, borçnamany doldurjak bolýarys (B. Pürliýew). 6. Belli bir ýaşa ýetmek. – Balam! Sen on ikini ýa dolduransyň, ýa dolduran dälsiň (B. Kerbabaýew).