dileg
Türkmenche Izahliq Lughet (Kyýasowa, 2016)
dileg
[dileğ], at. 1. Birinden bir zat sorap ýüz tutmaklyk, birinden edilýän haýyş. Altyn gapylynyň agaç gapyla-da dilegi düşer (Nakyl). Aç hem bolsaň, barma ile dilege! (Magtymguly). 2. Isleg, arzuwlaryň amala aşmagyny diläp, alladan edilýän haýyş. Garryja mamasy ýagşy dileg bilen Permany ugradyp, sekiniň erňeginde saýyl bolup galdy (A. Gowşudow). 3. Dileg sözüniň yzyndan etmek kömekçi işligi gelip, düzümli işlik ýasalýar: Dileg etmek alladan isleg-arzuwlaryň amala aşmagyny dilemek.Ýöne olaryň sag-aman dolanyp gelmeklerini dileg et (B. Seýtäkow).