turklehceleri.org

dabara

Türkmenche Izahliq Lughet (Kyýasowa, 2016)

dabara

[davara], at. 1. Bir wakanyň şanyna geçirilýän uly baýram, tomaşa, şowhun. Emma uzak çekmän beýle dabara, Gyz gaýdyp gidensoň kesildi ara (A. Kekilow). 2. Joşgunly ruhubelentlik, şadyýanlyk, göçgünlik. Ol öz sözüni dabara bilen gutardy (B. Kerbabaýew). 3. At-abraý, at, taryp, şöhrat, şan-şöhrat. Gallaçylaryň dabarasy ýurda ýaýrady.
 ‣ Dabara düşmek geň galdyrýan habar ýaýramak. Bir kiçijik oglan şeýle bir uly iş bitiripdir diýip, il içine dabara düşdi (A. Gowşudow). Dabarasy dag aşmak köp ýere ady ýaýramak, şan-şöhraty jahana dolmak. Joşýar, zähmetde joşýar, Dabarasy dag aşýar (Aýdymdan). Türkmen atlarynyň dabarasy dag asýar.


Axir izdelgen sözler: