bogaz
Türkmenche Izahliq Lughet (Kyýasowa, 2016)
bogaz
[boğoz] I, at. 1. Gyzylödegiň we dem alyş ýollarynyň başlanýan ýeri, damak. 2. Bokurdak. Bogazy bogmasaň, bogaz düýäni ýuwudar (Nakyl).
‣ Bogaza bat bermek biderek ýere haýbat bilen gürlemek, joşgunly ýaňramak. Bogaz öllemek az-kem suw içmek. Bogazyňa sygdygyndan gygyrmak örän gaty ses bilen gygyrmak. Bogazyňa tegek bolmak "çeýnäniň ýuwdulman, iýmit geçiriş ýoluna böwet bolsun" diýen manyda aýdylýan gargyş. Bogazyň dolmak gahar ýa-da begenç zerarly aglasyň gelmek, agyň tutmak, damagyň dolmak. Bogazyň guramak suwsamak ýa-da köp geplemek zerarly bogazyňda nem galmazlyk. Bogaz ýyrtmak gaty ses bilen gygyrmak, sesiňe bat bermek.
BOGAZ [boğoz] II, at, geogr. 1. Iki deňziň ýa-da iki adanyň, iki dünýä böleginiň arasyndaky inçejik suw zolagy. 2. ýerli g. Degirmeniň däne ötügi.
BOGAZ [boğoz] III, syp. Içinde düwünçek emele gelen (urkaçy haýwanlar hakynda). Ol ýurtda bolsa bir bogaz geçi galan eken (“Türkmen halk ertekileri”).
BOGAZ [boğoz] IV, at. Nagyş ady. Palasa bogaz diýilýän nagyş salynýar.
Türkiye Tillar Diwani (TDK)
bogaz
boğaz,I, 364;II, 244 bkz> boguz