turklehceleri.org

bagyşlamak

Türkmenche Izahliq Lughet (Kyýasowa, 2016)

bagyşlamak

[bağyşlamak], işl. 1. Birine bir zady peşgeş bermek, sylag hökmünde bagyş etmek. 2. Bir zady biriniň ýa-da bir zadyň şanyna niýetlemek. Ussat bagşylar, şahyrlar, obadaşlar ol bagşy barada ýakymly gürrüň etdiler, ussada bagyşlap ýazan goşgularyny okadylar (“Türkmenistan”). 3. Bir ugra, maksada uýmak, bir hünär, kär bilen meşgullanmak. Ol ömrüni ylma bagyşlady. 4. Biriniň günäsini ötmek, ýazygyny geçmek. Eger adam bagyşlamagy, günä ötmegi, öýke-kinäni unutmagy başarýan bolsa, ol dünýäde iň bagtyýar adamdyr (“Türkmenistan”). 5. göç.m. Gurban etmek. Watan, halk, onuň namys-ary, Beýik Garaşsyzlygymyz, gerek bolsa ömrüňi bagyşlanyňa degýändir (“Türkmenistan”).


Axir izdelgen sözler: