akyl
Türkmenche Izahliq Lughet (Kyýasowa, 2016)
akyl
at. 1. Adamyň aň ýetiriş we pikirleniş başarnygy, ukyby, paýhas, pähim. Adam beýleki mahluklardan akylynyň barlygy bilen tapawutlanýar.
‣ Akyla getirmek gözüniň oduny almak, jeza berip, tertibe getirmek. Akyla sygmazlyk pikiriňe geler ýaly zat däl, sülä gelmeýän. Akyl bermek (öwretmek) öwüt-nesihat bermek, düzgün-tertip öwretmek, nesihat etmek. Akyl etmek dogry etmek, etmelisini bilmek, oňarmak. Akyly çaşmak akyly-huşy dargamak, paýhaslanyp bilmezlik. Magtymguly, akly çaşan, Gözläp gidermi gardaşyn (Magtymguly). Akyly çatmak ser. Akyly ýetmek. Akyly durlanmak paýhaslanmak, pähimlenmek. Birden Aşyrmädiň akyly durlanyp giden ýaly boldy (B. Seýtäkow). Akyly gelip- gitmeliräk akyly kem, samsyk. Akyly goýalyşmak akyl taýdan kemala gelip ugramak, goýazylanmak, paýhaslanmak. Aý, ejesi, entek howlukmaly-da, ýigrimi bäş-otuz ýaşa barsyn, belki, oňa çenli özüni tijäp, akyly goýalyşar (A. Durdyýew). Akyly gözünde etmeli- etmesiz zady, işi bilip duran; birinden çekinýän, gorkýan. Onuň akyly gözündedir, gyzgyn çäýnegi ellemez. Akylyna aýlandyrmak 1) maslahat, nesihat bermek, düşündirmek, dogry ýola salmak. 2) temmi bermek, çäre görmek. Akylyna gelmek akyllanmak, akylly-paýhasly bolmak, etjek-goýjagyňy bilmek. Akylyndan aýrylmak ser. Akylyndan azaşmak. Dostlarym, bendäni ýaradan alla, Akyldan aýyryp, jyda etmesin (Magtymguly). Akylyndan azaşmak däli-telbe bolmak, däliremek, üýtgemek. Akylyny aldyrmak ser. Akylyny ýitirmek. Bu hemişeki Pökgen aga-ha däl, akylyny aldyran ýaly-la! (A. Gowşudow). Akylyny ýitirmek sähne bolmak, paýhasy gitmek, pähimsizlenmek, akylyny aldyrmak. Beýik pikre galdym, aklym ýitirdim, Tirik erken, öli bolup galyp men (Magtymguly). Akylyň kesmek paýhas etmek, akyl ýetirmek, mana düşünmek. Kösse aklyň bu jahanyň ýörişin, Ygtybar etmegil dünýä duruşyn (Magtymguly). Akylyň öýi (öýjügi) örän akylly, düşbi. Seň özüň akylyň öýjügisiň-le! (B.Kerbabaýew). Akyly ýerinde akyly bar, bir zadyň öňüni-soňuny seljerýän, oýlanyşykly hereket edýän, samsyk däl. Akyly ýerinde bolan adam beýle iş eder öýdemok. Akyly ýetmek bir zadyň öňüni-soňuny ölçerip, netije çykarmagy başarmak, göz ýetirip bilmek, düşünmek. Akyl ýetirmek doly düşünmek, paýhaslanmak.
AKYL [a:kyl], syp., k. d. Akylly. Akylyň sözüne köňül söýüner, Akmagyň işine zehin käýiner (Magtymguly). Akyl özün akmak biler, Akmak özün akyl tutar (Kätibi).