turklehceleri.org

agaç

Türkmenche Izahliq Lughet (Kyýasowa, 2016)

agaç

[ağaç] I, at. 1. Miweli ýa miwesiz, köpýyllyk uly şahaly ösümlik, daragt, bag. Agaç agaja bakar, Arasyndan suw akar (Läle). Agaç ekmek, kemally perzent ýetişdirmek, köpri gurmak, guýy gazmak – ine, ömür menzillerindäki iň aňrybaş parzlar şulardyr (“Türkmenistan”). 2. Agaç-tagta önümleri; pürs. 3. gepl.d. Taýak, hasa. Agsagyň elinden alsaň agajyn, Ýaman derde düşer, tapmaz alajyn (Magtymguly). Agsak aýra düşse, agaçsyz galsa, Ýol aňlamaz kary hemrasyz bolsa (Magtymguly). 4. gepl.d. Ýakar ýaly odun. Çar tarapa zyňylýar Agaçlar darka- darka (M. Garryýew).
 ‣ Agac at tabyt. Göterlerne garaşyp dur Köpi gören agaç at. (K. Gurbannepesow). Agaç ata münmek (çykmak) ölmek, aradan çykmak. Agaç ussasy agaç, tagta önümlerinden jaý gurýan, dürli hojalyk esbaplaryny ýasaýan ussa. Agaç ýuwdan ýaly sömelip, dim-dik bolup duran (adam hakynda).


AGAÇ [ağaç] II, at, kön.s. 6-7 kilometre deň bolan uzynlyk ölçeg birligi. Kyrk alty müň agaç deňiz derýadyr (Magtymguly).
 ‣Agaç kömür gumda bitýän gandym, sözen, sazak, ýaly gaty agaçlar ýakylyp taýýarlanýan gaty ýangyç. Ýörite gazylan çukurda tygşytly örülip goýlan agaç bölekleri gyzyl köze öwrülende çukur çäge bilen gömülýär.


Axir izdelgen sözler: