Uly
Türkmenche Izahliq Lughet (Kyýasowa, 2016)
uly
syp. 1. Ölçegi, gabarasy, göwrümi taýdan kiçiden has ullakan. Uly kitap. Uly jaý. Uly harp (baş harp).Uly gazan. Uly howly. Uly dalbar. 2. Ýaşy ýokary, ýaş taýdan uly. Edebiň ýagşysy – ulyny syla (Nakyl). Jygalybegiň üç sany ogly bardy, iň uly oglunyň adyna Genjim beg diýerdiler (“Görogly”). 3. Aýratyn ähmiýeti bolan, has ähmiýetli. Uly mesele. 4. Çäksiz, köp, möçbersiz. 5. göç.m. Ýaşuly, baştutan, ýolbaşçy işgär, jogapkär işgär. Özüm ulyňyzyň ýanyna baryp gepleşerin (K. Berdiýew). 6. göç.m. Batly, güýçli, joşgunly. Begenjiň ýoldaşlary uly şowhun turzup, ony "hangöter" edip, daşaryk çykardylar (G. Kulyýew).
‣Ula gitmek (goýbermek) at çapyşygynda aty iň uly baýraga goýbermek, goşmak.Ula turmak göreşiň uly baýragyny almak üçin göreşmäge çykmak.Ula ýatmakahyrky ukusyna ýatmak (ýüpek gurçugy hakda).Uludan dem almak bir zada gynanmak, ökünmek, ahmyr çekmek.Ol uludan demini alyp, jaýyň içini gözden geçirdi (B. Seýtäkow). Uly geplemek (gürlemek) başarmajak işiňi ýerine ýetirerin diýip öwünmek, güplemek. Uly göwräňi kiçeltmeköz mertebäňden pes derejedäki görnüşe girmek, kiçelmesiz ýagdaýda kiçelmek.Ol uly göwresini kiçeldip, etagat ediji bir ýagdaýda yzyna öwrülip durdy (B. Kerbabaýew). Uly ili bilen (aglamak, gygyrmak we ş.m.) bogazyna sygdygyndan gaty ses bilen (aglamak, gygyrmak). Bolşuň nähili, köpçüligiň içinde beýdip uly iliň bilen biriniň üstüne gygyryp durmak bolarmy? Uly okuw gepl.d.Ýokary bilim berýän institut, uniwersitet.Uly söze toba (toba-tagsyr) aýdylýan sözüň uly geplemek däldigini nygtamak üçin ulanylýan aňlatma.