turklehceleri.org

Goş

Türkmenche Izahliq Lughet (Kyýasowa, 2016)

goş

I, at. 1. Öý hojalygynda ulanylýan ýorgan- düşek we ş.m. zatlar. Sanap çenin bilerden, Örän kän öýüň goşy (A. Kekilow). 2. Bir ýere gidilende ýanyň bilen göterilýän ýük, aňry-bäri zatlar, paty-puty. 3. Çopan-çoluklaryň wagtlaýyn öý tutýan, oturýan ýeri, düşelge. Çolugy bilen baş çopan goşdadylar (A. Gowşudow).
 ‣ Goş basyp ýatmak bir ýerden uzak wagtlap gitmezlik; biriniň öýünde köp wagtyň dowamynda bolmak. Goş birikdirmek birleşip durmuş gurmak, ýaşaşyp başlamak. Goş diýmän, goşa gysdyrylmak hiç zat diýilmänkä, gürrüňiň arasyna düşmek, ara sokulmak. Goşuny arkasyna daňmak aňry-bäri zatlaryny berip kowmak, kowup goýbermek.Goşuňy saýlamak aýalyň bilen aýrylyşmak. Goş ýazdyrmak dynç almak maksady bilen düşlemek, goşlary düşürmek.


GOŞ II, at. Ýer sürmek üçin azala goşulýan mallar; köne ýer sürmek usuly. Goş, esasan, iki öküz, käte at, boýuntyryk we omaçdan ybarat bolýar. Orta Aziýada goş 1930-njy ýyllara çenli, hatda uruş ýyllarynda hem, ýagny entek traktor bolmadyk ýa-da az bolan wagtlarynda esasy ýer sürüm serişdesi bolupdyr. (Gurbanguly Berdimuhamedow, Döwlet guşy, 91 s.).


Axir izdelgen sözler: