Bagana
Türkmenche Izahliq Lughet (Kyýasowa, 2016)
bagana
[bağana], at. Täze bolan guzynyň soýlup alnan buýraly derisi we onuň eýlenen görnüşi. Garaköli bagana. Bagana tabşyrmaklyk artygy bilen ýerine ýetirildi (“Türkmenistan”).
‣ Bagana içmek baganadan tikilen içmek. Bagana telpek guzy derisinden tikilen telpek. Bagana telpekli oglan. Bagana ýaka gyş geýimleriniň ýakasyna baganadan bejerilip tutulýan ýaka.