şiwe
Türkmencenin Açıklamalı Sözlüğü (Kyýasowa, 2016)
şiwe
[şi:wö] I, at, dil b. Umumy milli diliň bir sebitde, etrapda ýaşaýan ilat üçin häsiýetli gepleýiş aýratynlyklary; ýerli gepleşik. Ol özüniň asly gepleýän şiwesini üýtgetjek bolup şunça jan etdi welin, ol oňa peýda bermedi (A. Gowşudow).
ŞIWE [şi:wö] II, at, k.d. Näz-kereşme, näzirgeme; owadanlyk, gözellik. Çyn aşyk men, namysym ýok, zarym bar, şu gün saňa şiwe bilen näzim bar (“Görogly”). Huplaryň şiwesi gara göz bolar (Kemine).