turklehceleri.org

şaýy

Türkmencenin Açıklamalı Sözlüğü (Kyýasowa, 2016)

şaýy

at. 1. kön.s. Agramy 0,75 grama deň bolan kümüş pul. Ýüz tümenlik sözüň şaýa almazlar, Her kişiniň ygtybary bolmasa (Magtymguly). 2. Gymmaty bäş köpüge barabar bolan metal pul. Akly kämil bolan pendimi tutar, Akmaklar göwherin bir şaýa satar (Hatam şahyr). Almaly algymy bir şaýy galdyrman aldym diýip ýaz (A. Gowşudow). Üçlügini, manadyny, Şaýysyny, köpügni – Artdyranja puljagazyn Atdy şonuň içine (K. Gurbannepesow).
 ‣ Bäş şaýy edinmek (gazanmak) az-kem pul toplamak, ýygnamak. Onuň bar arzuwy bäş şaýy edinmekdi. Gara şaýa degenok hiç zada ýaranok; beren puluň köp, ýaramaz (hili pes zat hakda). Gara şaýy bäş köpük (ser. Köpük II). Iki şaýy on köpük. On şaýy elliköpük. Üç şaýy on bäş köpük.


Son arananlar: