ýüpek
Türkmencenin Açıklamalı Sözlüğü (Kyýasowa, 2016)
ýüpek
[ýüpök], at. 1. Ýüpek gurçugynyň pilesinden alynýan inçe süýümli önüm. 2. Ýüpekden taýýarlanan, ýüpekden öndürilen. Ýüpek mata.
‣ Ýüpegiň uçly bolsun! ýüpek çekijä işiniň şowly bolmagyny arzuw edip aýdylýan dileg. – Ýüpegiň uçly bolsun! – diýlende: – Döwletiň güýçli bolsun! – diýip, jogap berilýär. Ýüpek çekmek piläni ýörite gazanda gaýnadyp uç almak; piläni ilkinji gezek işlemek. Gyzlar ýüpek çekmek işine türgenleşipdirler. Ýüpek ýaly örän gowy häsiýetli, mylaýym, adamkärçilikli.