ýönekeý
Türkmencenin Açıklamalı Sözlüğü (Kyýasowa, 2016)
ýönekeý
[ýö:nököý], syp. 1. Çylşyrymly däl, sada. Bu gadymy ýadygärlik ýönekeý bir iri oturymly ekerançylyk we ýaşaýyş mesgeni däldir (“Edebiýat we sungat”). 2. Ulumsy däl, kiçigöwünli, sada. Ýönekeý adam. 3. Beýlekilerden tapawutlanmaýan, üýtgeşik bolmadyk. Menem edil özüňiz ýaly, ýönekeý daýhan gyzy bolup işläsim gelýär (G. Muhtarow, G. Seýitliýew). 4. Adaty, ýörgünli. Meniň ýönekeý adymy tutaýyň! (B. Kerbabaýew). 5. Az ähmiýetli, ownuk-uşak. Başlyk onuň bilen ilkibada ýönekeý zatlar hakynda gepleşdi (A. Durdyýew).