turklehceleri.org

ýygnamak

Türkmencenin Açıklamalı Sözlüğü (Kyýasowa, 2016)

ýygnamak

[ýyğnamak], işl. 1. Hasylyny ýygnap almak, hasylyny ýygnap toplamak. 2. Gizläp goýmak, ýygşyrmak, ýaşyrmak. Me, muny öňki ýerinde ýygna-da goý! (N. Saryhanow). 3. Bir ýere jemlemek, üýşürmek, toplamak. Adamlary ýygnamak. 4. Ýygym almak, salgyt toplamak. Hüşür-zekat ýygnamak. 5. Hossarlyk edip, öz ýanyňa almak. Atanyň uly agasy, Bizi ýygnady ýanyna (A. Nyýazow). 6. Artdyryp, tygşytlap goýmak, beýläňe geçirmek, artdyryp toplamak (pul, mal, mülk hakynda). Ýygnan – sygnar (Nakyl). 7. gepl.d. Türmä salmak, tutmak, basmak. 8. Ýerli-ýerinde goýmak, tertibe salmak, dagaşyp ýatan zatlary tertipleşdirmek. Içeri-daşaryny ýygnadyk. 9. göç.m. Eýelik etmek, saklamak. Her kim özüne degişli dogan-garyndaşyny ýygnady. 10. Kem-kemden toplanmak, üýşmek, iriň kültemek. Ýara iriň ýygnaýar.


Son arananlar: