ýaş
Türkmencenin Açıklamalı Sözlüğü (Kyýasowa, 2016)
ýaş
[ýa:ş] I, at. Adamyň, haýwanyň, ösümligiň dörän, doglan gününden beýläk ömrüniň bir ýyla deň bolan döwri. Ýigrimi ýaş ötdi menden, Hezl etmedim, dünýä, senden (Magtymguly). Ýaşlarynyň bir çene barandygyna garamazdan, olar oňat oýun görkezdiler (“Edebiýat we sungat”). On ýaşyndaky çaga.
‣ Ýaşy gaýdyşan orta ýaşdan agan, gartaşan. Süňňi haramylar gaýtmaz raýyndan, Ýaşy gaýdyp, sakgal agarmak bilen (Zelili). Bäbek ýaşy uzyn bolsun! Çaga bolanda köp ýaşamagy arzuw edilip aýdylýan alkyş.
ÝAŞ [ýa:ş] II, syp. 1. Ýigit, garry däl. Dogrudanam ol wagtlar Güljan ýaşdy (“Edebiýat we sungat”). Ýaş adam. Ýaş maşgala. Ýaş oglan. 2. Ösüp doly ýetişmedik, boý almadyk (ösümlikler hakynda). Agaçlar entek ýaş, hasyla geljek ýyl dursa gerek. 3. göç.m. Kemala gelmedik, kämillige ýetmedik. Sen entek ýaş bolýaň (A. Durdyýew).
‣Ýaş başyna (başyndan) ýaş wagtyndan, ýaşlygyndan, çagalykdan. Hakykatdan-da, garry ýaş başyna bu gyza keşde etmek, gaýma gaýamak, haly çitmek ýaly el işlerini öwretmek bilen, oňa edepli bolmak terbiýesini-de berip başlady (A. Gowşudow).
ÝAŞ [ýa:ş] III, at. Ýasajyk çaga, ýaňy bolan çaga.
‣Ýaş üstünden ölmek (gitmek) çaga dogranda ýogalmak. Gün geçdi, aý geçdi, möhleti ýetdi. Şonda ýaş üstünden gelin-de gitdi (A.Kekilow). Ýaşy bolmak çagasy bolmak, çaga dogurmak.
ÝAŞ [ýa:ş] IV, at. Sogan, käşir we ş.m. ekinleriň ter ýapragy, baldagy. Soganyň ýaşyny ýumurtganyň içine dogrady.
ÝAŞ [ýa:ş] V, at. Bir zada begenilende ýa-da gynanylanda gözden damja görnüşinde çykýan nem. Begençden ýaňa onuň gözünde ýaş göründi.