turklehceleri.org

ötürmek

Türkmencenin Açıklamalı Sözlüğü (Kyýasowa, 2016)

ötürmek

[ötürmök], işl. 1. Bir zadyň içinden, üstünden geçirmek. Ol ertir irden ejesi we kakasy bilen hoşlaşyp, düwünçekli ýaglygyna taýagy ötürip egnine atdy (A. Durdyýew). 2. Dakynmak. Äýnegini ötürip, köne kagyzlary agtarmaga başlady (A. Gowşudow). 3. Dakmak, geýdirmek, ildirmek. Gyzyň barmagyna ýüzük ötürmek. 4. Belli bir pursady geçirmek. Ýalançyny hasrat bilen ötürmäň (Magtymguly). Ötürip men ýigitligiň baharyn, Gutulmak ýok garrylygyň gyşyndan (Magtymguly). Men bütin ömrümi ussaçylyk bilen ötürdim (H. Derýaýew). 5. Geçirip goýbermek, bir zadyň içi, üsti we ş.m. bilen alyp geçmek, äkitmek.

Dîvânü Lugâti’t-Türk Dizini (TDK)

ötürmek

hatırlatmak· I, 267

delmek, I, 176; II, 44

hatırlatmak I, 176 bkz> öttürmek


Son arananlar: