çykarmak
Türkmencenin Açıklamalı Sözlüğü (Kyýasowa, 2016)
çykarmak
işl. 1. Bir zadyň içinden daşyna alyp çykmak, içinden daşyna almak. Egnine ýelbegeý atan täzeje agar çäkmeniniň jübüsinden desmalyny çykaryp, derjiräp duran maňlaýyny syldy (G. Kulyýew). 2. Eşigiňi, telpegiňi, aýakgabyňy bedeniňden aýyrmak, sypyrmak, aýryp goýmak. Köýnegiňi çykarmak. 3. Gulluk wezipesinden aýyrmak, boşatmak. Işden çykarmak. 4. Gyz maşgalany gözli- başly etmek, başyny bogmak, äre bermek. Goňşular hem ertir gyzyny çykarýar. 5. Birine derek başga biri bilen haklaşmak, hutma-hut bolmak. Sen Ilamana gelen gaharyňy menden çykarma. 6. Mal-garany bir ýere bakmak üçin äkitmek. Han küýli oňa: - Saçak hakynda sen alada edýärsiň, besdir bize, eger men hem alada etsem, onda guma goýun çykarmaly bolarys (A. Durdyýew). 7. Harydy, önümi ýerlemek üçin bir ýerden başga bir ýere satmak üçin alyp gitmek. Ol täze dokan halysyny bazara çykardy. 8. Meseläni işläp çözmek, işlemek. Aňkaryň çykaran hasaby üçin žurnala ullakan harp bilen bäşlik goýdy (B. Kerbabaýew). 9. Önüm bermek, önüm öndürmek. Zawodyň çykarýan önümleriniň hili ýokary. 10. Ýerasty baýlyklary gazyp almak. Nebit çykarmak. 11. Göçer ýaly etmek, gider ýaly etmek, bir ýerden kowmak. Obadan çykarmak. 12. Çap edip ýaýratmak. Kitap çykarmak. 13. göç.m. Zadyň bahasyny öňki nyrhyndan ýokary galdyrmak. Çaýyň gadagyny men üç manada-da çykaryp bilerin (B. Kerbabaýew). 14. Ölen adamy jynaza okalandan soň gonamçylyga ugratmak.