turklehceleri.org

çep

Kırgızca – Türkiye Türkçesi Sözlüğü (Yudahin)

çep

1. barıkad; set ; küçük ve tek başına duran istihkam siperi ; 2. hali ; sığınak.

Türkmencenin Açıklamalı Sözlüğü (Kyýasowa, 2016)

çep

syp. 1. Sagyň garşysyndaky tarap, sol. Sygryň sag şahy çep, çep şahy sag (Ýaňyltmaç). Sürini çepinden baryp dolajak bolýan çopandan çopan bolmaz (“Türkmenistan”). 2. göç.m. Dost däl, aralaryna tow düşen, ters, tersleşen, öýke-kineli. Ol ikisi çepdir.
 ‣ Çep bolmak biri bilen aragatnaşygy kesmek, ýüz sowup, kine saklap, gepleşmän ýörmek. Ýüzün sowup, gep alyşmaz çyn ärler, Bir söý bilen ýagşy dosty çep bolsa (Magtymguly). Çep elden gelmek hiç bir kynçylyksyz, aňsatlyk bilen ýerine ýetirmegi başarmak, el ujundan etmek. Çep göz bilen garamak (seretmek) kembaha garamak, göwni ýetmezlik etmek, kemsitmek, mynasyp baha bermezlik. Çepine düşmek pikir edilişinden tersine bolup çykmak, çaklanyşyndan başgaça bolmak, şowuna düşmezlik, ugruna bolmazlyk. Çepine tutmak tersine tutmak, keçjelik etmek. Çepine ýatyp turan ýaly edýän hereketi, sözleýän sözi ugursyz, bolar-bolmaz. Seniň bir hili çepiňe ýatyp turan ýalylygyň bar ýaly-la (B. Kerbabaýew).


Son arananlar: