turklehceleri.org

tüýdük

Türkmencenin Açıklamalı Sözlüğü (Kyýasowa, 2016)

tüýdük

at. Gamyşdan ýasalyp, üflenip çalynýan, dilli gadymy türkmen saz guraly. Çopan tüýdügi. Tüýdük çalmak. Gamyşdan tüýdük ýasamak.
 ‣Gargy tüýdük gargydan ýasalyp, uzynlygy 750-800 mm, üst ýüzünde alty, aşagynda bir perde deşigi bolup, ujuna demir müşdük geýdirilip üflenýän tüýdük. Dilli tüýdük bir bogunly gamyşdan ýasalan tüýdük (dilli tüýdügiň üç-dört sany perde deşigi bolýar). Goşa dilli tüýdük tüýdügiň goşalandyrylan görnüşi. Meşikli tüýdük eýlenen geçi hamy meşik görnüşine getirilip, agzyna tüýdügiň özi birikdirilýän dört-bäş perde deşikli saz guraly.


Son arananlar: