turklehceleri.org

nokat

Türkmencenin Açıklamalı Sözlüğü (Kyýasowa, 2016)

nokat

[nokot], at. 1. Kiçijik tegelejik tegmil. Ýapragyň ýüzi kiçijik nokatlardan doludy. 2. dil b. Habar sözleminiň we käbir gysgaldylyp ýazylan sözleriň soňunda goýulýan dyngy belgi. Habar sözleminiň soňunda nokat goýulýar. 3. Algebrada, nota ýazuwynda, telegraf kodunda, geografik kartalarda, meýilnamalarda we ş.m. şertli belgi hökmünde hyzmat edýän bellik. 4. mat. Matematikada, şeýle hem mehanikada ölçegi, çägi bolmadyk çyzygyň kesişýän ýeri. 5. Giňişlikdäki ýa- da bir zadyň üstündäki belli bir ýer, çäk. 6. fiz. Maddanyň bir haldan başga bir hala geçişinde temperatura çägi. Gaýnama nokady. Ereme nokady. Doňma nokady. 7. Bir zat üçin niýetlenen ýa-da bir alamaty bilen tapawutlanýan ýer. Söwda nokady.
 ‣Nokat goýmak biri ýa-da bir zat bilen baglanyşykly bolan ähli işi gutarmak, tamamlamak.


Son arananlar: