turklehceleri.org

toýnuk

Türkmencenin Açıklamalı Sözlüğü (Kyýasowa, 2016)

toýnuk

at. 1. Esasan düýä, eşege odun ýüklenende, ýüpi aňsatlyk bilen daňar we çözer ýaly ulanylýan, ýüpüň ujuna dakylýan haçjaly agaç. Ýüp syrygar, toýnukdan geçer (Nakyl). 2. Uly mallaryň buduna, goýun ýaly ownuk mallaryň gulagyna toýnuk görnüşinde basylýan tagmanyň bir görnüşi. – Budunyň ýüzi toýnuk tagmaly üç ýaşar düýe gören-ä dälsiňiz? – diýip, menden sorady (N. Geldiýew). 3. Deriniň ýygyrtlaryny ýazmak üçin gural. Deri toýnuk bilen işlenýär. 4. Aşak ujy tutar ýaly edilip kesilen haçja (çagalar onuň iki ujuna rezin dakyp ýaý edinýärler).
 ‣Durnam – toýnuk! Ýazyň günleri durna sürüsi toýnuk şekilini emele getirip, ýokardan uçup geçende, köplenç, çagalar tarapyndan gygyrylyp aýdylýan aňlatma.


Son arananlar: