söwda
Türkmencenin Açıklamalı Sözlüğü (Kyýasowa, 2016)
söwda
[söwda:] I, at. Almak we satmak esasynda geçirilýän haryt dolanyşygy.
‣ Söwda etmek her hili hojalyk harytlaryny satmak, sowda-satyk bilen meşgullanmak. Söwdany gyzdyrmak öňünden dilleşip, biriniň aljak bolýan zadyna ýalandan hyrydar bolmak, özüňi şol harydy aljak ýaly ýagdaýda görkezmek.
SÖWDA [söwda:] II, Derdeserli waka, alada; söýgi, yşk. Ne hasap, ne hesip, ne belli san bar, Kişi bilmez, ne söwdaýa sataşdym (Magtymguly). Bilmen niçik gamdyr, bilmen ne söwda, Hazan urdy, bag- bossanym gelmedi (Andalyp).