sypaýy
Türkmencenin Açıklamalı Sözlüğü (Kyýasowa, 2016)
sypaýy
[sypa:ýy] I, syp. 1. Örän edepli, salyhatly, asylly. Ol özüni sypaýy alyp barýar. 2. Göze gelüwli, gelşikli. Onuň geýnişi sypaýydy – başyna gülli owadan ýaglyk atynypdyr (“Mugallymlar gazeti”).Ussat senetçiler örän sypaýy nah matalary dokapdyrlar.
SYPAÝY [sypa:ýy] II, at, kön.s. Esger, serbaz. Ol hat şeýle başlanýardy: "Maglum bolsun kim, Gowşut hanyň dilinden: – Eý Hemze Mürze, eý Gara sertib, eý şazada hem sypaýylar!"(B. Kerbabaýew).