turklehceleri.org

sapak

Türkiye Türkçesi – Tatarca Sözlük (Ganiyev, 1998)

sapak

с. аномаль

Türkmencenin Açıklamalı Sözlüğü (Kyýasowa, 2016)

sapak

I, at. 1. Tikin tikmek üçin bükdürilen inçejik ýüplük. Olaryň käsi üzülen sapaklary daňyşdyrsa, käsi gurallaryň saz işleýşine gözegçilik edýär (“Edebiýat we sungat”). 2. Miwäni agajy, bakja ekinleriniň hasylyny biýarasy bilen birikdirýän inçejik baldak. Sary gawun bişipdir, Sapagyndan düşüpdir (Halk döredijiliginden). Tänip sapagyndan düşýär Gülabynyň gök, sarysy (R. Seýidow).
 ‣ Sapak çekmek ýigitden peşgeş almak üçin, üme edip oturan gelin-gyzlar tarapyndan onuň ýakasyna ýa eline sapak dakylmak. Hemişe munuň ýaly ýere gelen ýigide gelin-gyzlar sapak çekerdiler (A. Gowşudow).


SAPAK II, at. 1. Mekdeplerde aýry-aýrylykda okadylýan her bir ders. Edebiýat sapagy. Taryh sapagy. 2. Aýry-aýry derslere berilýän okuw sagady. Soňky sapak gutarmaga jaň boldy (A. Kekilow).
 ‣ Sapak almak 1) hat-sowatly bolmak üçin birinden öwrenmek. Myraly bilen Soltansöýün bir öýde, bir otagda ýaşap, bir molladan sapak alypdyrlar (“Myraly”). 2) görelde almak, tälim almak, öwrenmek. Her bir aýdylýan sözden sapak alýardylar (B. Seýtäkow). 3) bir bolan zatdan ony geljekde gaýtalamazlyk üçin netije çykarmak, ony sapak edinmek. Sapak bermek 1) okatmak, okuw öwretmek, ders bermek. Şu gün mekdepde ilkinji gezek okuwçylaryň öňünde sapak berdim. 2) göç.m. ters görelde görkezmek, nädogry öwüt-nesihat etmek. Biwazylara sapak berýän asyl seniň özüň ekeniň! (A. Gowşudow). Sapak bişirmek gepl.d.geçilen sapagy gowy özleşdirmek, doly bilmek, öwrenmek. Ejesi ogluna: "Halys oýnasyň gelýän bolsa, sapagyňy gowy bişirip git" diýdi. Sapak bolmak öň goýberen ýalňyşyňy soň gaýtalamazlyk üçin sebäp bolmak. Zyýany ýok, bu oňa-da, maňa-da sapak bolar (A. Nazarow). Sapak edinmek her bir ýalňyşlykdan geljek üçin netije çykarmak. Goýberen ýalňyşlyklarymyza ökünmeli, ony geljek ýyllardaky işlerimizde sapak edinmeli (A. Gowşudow).

Uygurca – Türkiye Türkçesi Sözlüğü (Kurban, 2016)

sapak

Salkım 2. Sap. Qoghun pishse sapighida turmaydu – Kavun olsa sapında durmaz.


Son arananlar: