sallançak
Türkmencenin Açıklamalı Sözlüğü (Kyýasowa, 2016)
sallançak
at. 1. Içine ýaş çaga salnyp üwrelýän enjam. Gülzar aglap başlan ogluny sallançakdan aldy, ýassyga gyşaryp ýanap başlady (B. Soltannyýazow). 2. gepl.d. Hiňňildik, bat. Ol gyz- da sallançak uçýar welin, goltugyndan şaýlar goýurt- goýurt ediberen (“Türkmen halk ertekileri”).
‣ Sallançagyny üwrän ýaly äsgermezlik, özüçe görmezlik. Sallançak bagy sallançagy üwremek üçin nagyş salnyp örülen ýa-da işilen inçe ala ýüp. Sallançak kilim sallançak etmek üçin ýörite nagyşlanyp dokalýan kilim. Sallançak ýüpi sallançak gurmak üçin işilen ýa-da örülen ala hem ýogyn ýüp.