sagat
Türkmencenin Açıklamalı Sözlüğü (Kyýasowa, 2016)
sagat
[sağat], syp.1. Saglygy gowy, keselsiz, sagdyn. Ol süňňi sagat adam. Ýüregi sagat. On iki synasy sagat.2. gepl.d. Harap bolmadyk, döwülmedik, gurat, abat. Bu maşyn gaty sagatdyr.
‣ Sagadyna çykmak keselinden saplanyp, sagat bolmak. Ol köp wagtlap iňňelik iýen ýaly bolup gezdi, ýöne indi her näme bolsa-da, sagadyna çykypdyr. Sagadyna (magadyna) ýetmek bir zadyň anygyna ýetmek, hak ýa-da nähakdygyny anyklamak. Men bu gürrüňiň sagadyna ýetdim (A. Durdyýew).
SAGAT [sa:ğat], at. 1. Bir gije-gündiziň çäginde wagty ölçemek üçin enjam, mehanizm. Asma sagat. Elektron sagat. Goşar sagady. Jaňly sagat. Diwar sagady. Jübi sagady. 2. Altmyş minuta deň bolan wagt aralygy. Men saňa bir sagatdanam köp garaşdym. 3. Günüň ýarymyndan ýa-da ýarygijeden başlap hasaplanýan 60 minuta barabar möhlet. Öýlän sagat üç. Agşam sagat ýedi. Gije sagat iki. 4. Okuw mekdeplerinde okadylýan sapaga berilýän wagt. Meniň mekdepde iki sagat okuwym bar. 5. gepl.d. Umuman wagt. Ol aýdan sagadyň taýýardyr.