pahna
Türkmencenin Açıklamalı Sözlüğü (Kyýasowa, 2016)
pahna
at. 1. Owratmagy kyn bolan töňňeleri jaýyrmak üçin ulanylýan bir tarapy ýogyn, beýleki tarapy inçelip gidýän demir ýa-da agaç bölegi, şine. 2. Çekijiň, paltanyň sapy gymyldamaz ýaly berklik üçin kakylýan bir ujy inçeldilen ýasyja agaç bölegi ýa-da demir, şine. Paltanyň sapyna pahna kakmak. 3. Sütüniň üstünden goýulýan agaç ýassyk. 4. Serhet ýakasyndaky sürlen ýer.
‣Pahna urmak agzalalyk döretmek, närazylyk döretmek.