turklehceleri.org

nama

Türkmencenin Açıklamalı Sözlüğü (Kyýasowa, 2016)

nama

[na:ma] I, at, kön.s. Aýdym, heň. Görogly namasyny aýaklaýança, Arabyň aty saň gaty bolupdyr (“Görogly”). – Gaýdarman myhmanlara bir bäş keleme nama aýdyp berseň bolar – diýdi (“Nejep oglan”).


NAMA [na:ma] II, at.1. Hat,salam haty; beýan, ýazgy. Galam alyp, namany gönderdigim bilmezmiň? (Magtymguly). Gözel patyşa bize nama gönderdi, Şanyň ordasyna bar, Jygaly ogly (“Görogly”). 2. dil b. Käbir sözlere goşulyp, goşulan sözleriniň manysyna laýyk täze manyly goşma söz ýasaýar. Meselem: şertnama, ähtnama, borçnama, beýannama, maksatnama, meýilnama. 3. hukuk. Döwlet edaralarynyň, kärhanalarynyň we guramalarynyň, şeýle-de wezipeli adamlaryň hem-de raýatlaryň hukuk kadalaryny berjaý etmek, ýerine ýetirmek we ulanmak bilen baglanyşykly kanunylyk ýörelgesine esaslanýan hereketleri. 4. Degişli hukuk netijesini döretmek üçin amala aşyrylýan hukuk hereketleri, mysal üçin: hukuk gatnaşyklarynyň ýüze çykarylmagy, üýtgedilmegi ýa-da ýatyrylmagy. 5. Haýsydyr bir ýuridik fakt hakynda resminamalar, protokollar. 6. Özüňi alyp barmagyň düzgünlerini kesgitleýän we kanun, perman, karar, tabşyryk we ş.m. görnüşinde aňladylýan kada döredijilik işiniň netijesi.


Son arananlar: