märeke
Türkmencenin Açıklamalı Sözlüğü (Kyýasowa, 2016)
märeke
[mä:reke], at. Bir ýere köp toplanan, üýşen adamlar, jemende, mähelle. Toýçy märeke dym- dyrs boldy (B. Kerbabaýew).
‣Märeke gaýtarmak toýa gelen köp sanly adama hyzmat edip, toý sowmak. Toýda giden märekäni gaýtaraýmak aňsat zat däl. Märeke gören köpçüligiň arasynda köp bolup, köp zatlary öwrenen, oturylyşygyň we ş.m. abyny-tabyny bilýän. Duran ýigitler bu adamynyň ozal märeke gören şorta adamdygyny dessine tanadylar we degişme gürrüňlere başladylar (A. Gowşudow).