turklehceleri.org

murt

Türkmencenin Açıklamalı Sözlüğü (Kyýasowa, 2016)

murt

at. 1. Erkek adamlarda ýokarky dodak bilen burnuň aralygyna çykýan gyllar; syrylman goýberilýän şol gyl ösüntgileri. Kirpikleri syh-syh ullakan gözlerini töweregine gezdiren Ýagşy äwmezlik bilen ýene murtlaryny sypalady (B. Kerbabaýew). Murt çykmak. 2.Käbir haýwanlaryň, mör-möjekleriň tumşugynyň üstünde ösýän uzyn gyllar, tüýler. 3. Käbir ösümlikleriň baldaklarynyň ujundaky towlam-towlam çyrmaşýan inçejik sapak şekilli ösüntgiler.
 ‣Murta bat bermek sypanjyrap haýbatlanmak, hondanbärsi bolan bolmak. Murtuňy neşe bilmek haýbatly görnüşe girmek, murtuňa guwanmak. Murty garalan ýigit çykan. Murty palta kesmez kämillik ýaşyna ýeten, men diýen ýigit çykan. Sen bu gün sandan galan, unudylan çaga bolsaň, ertir murtuňy palta kesmez jahyl bolarsyň (B. Kerbabaýew). Murty tabamak ýigitlikýaşyna ýetip, mazaly murt çykmak, jahyl çykmak, ýetişmek. Ýagmyr ol wagtlar ýaňy murty taban ýaş ýigitdi (G. Kulyýew).


Son arananlar: