turklehceleri.org

mazaly

Türkmencenin Açıklamalı Sözlüğü (Kyýasowa, 2016)

mazaly

[maza:ly] I, syp. 1. Maza, lezzet berýän, şypaly, sapaly, eşretli. Kaddy şemşat erur serwi mysaly, şekerden her sözi, belki, mazaly (Şabende). 2. Oňat, gowy, asylly, edep-ekramly. Annaguly içinden: "Öz-ä mazaly maşgala ekeni" diýip, gaýta-gaýta syn etdi (A. Durdyýew). 3. Tagamly, süýji. Lebleri şekerden mazaly geldi (Magtymguly). 4."Oňat boldy", "hernä" ýaly manylarda ulanylýan giriş sözi. Mazaly, özüň geläýdiň.


MAZALY [maza:ly] II, syp. Bir kemsiz, ýeterlik, düýpli, doly. Mazaly pikir et. Irgözin ýatyp, mazaly ukymy alypdyryn.


Son arananlar: