turklehceleri.org

käbe

Türkmencenin Açıklamalı Sözlüğü (Kyýasowa, 2016)

käbe

[kä:ve], at. 1. Musulmanlaryň Mekgedäki keramatly jaýy. Alty aýlyk ýola – Käbä gidenler, Hajy bolup geldi, bular gelmedi (Magtymguly). Käbä zyýarat etmegiňiz hem şol tarapa zyýarat etmäge mümkinçilik döredip bermegiňiz, o dünýe-bu dünýe ýalkanjagyňyzyň alamatydyr (“Watan”). 2. Soňuna degişlilik goşulmasy goşulyp, "käbäm" görnüşinde çagalaryň öz enesine, şonuň ýaly-da gowy görlüp "janym, jigerim" manysynda enäniň çagalaryna ýüzlenip aýdýan sözi.Ak süýdüň emdiren käbäm, Menden hoş indi, hoş indi (Hatam şahyr). 3. Adam ady.


Son arananlar: