turklehceleri.org

keýp

Türkmencenin Açıklamalı Sözlüğü (Kyýasowa, 2016)

keýp

[keýip], at. 1. Adamyň içki ruhy ýagdaýynyň derejesi. Keýpler nähili? Keýp niçik? 2. göç.m. Isleg, bir zada bolan meýil, küýseg, howeseklik. Onuň çaý-nahar bilen keýpi ýokdy. 3. Keýp sözüniň soňundan etmek kömekçi işligi gelip, düzümli işlik ýasalýar: Keýp etmek keýipli halda bolmak, höwes etmek, hezil etmek. Goja bu sapar keýp edip güldi-de, ýanyndaky çaganyň başyny sypady (B. Kerbabaýew).
 ‣ Keýp çekmek oturylyşyk, gezelenç we ş.m. edip, wagtyňy hoş geçirmek, lezzet alyp, keýpi- sapada bolmak. Keýpden çykmak bir zatdan doly kanagatlanmak, bir zadyň hezilini görmek, gönenmek. Keýpi atlanmak has keýpli bolmak, keýpi has-da kökelmek. Iki adamyň urşup duranyny görse ýa-da biriniň gybaty edilse, onuň keýpi atlanardy. Keýpi bozuk şat däl, tukat.Keýpimiň bozuk wagtynda sen meni güldürdiň (G. Muhtarow). Keýpi kök şat, ruhy ýagdaýy galgyn; ünji-aladasyz, gaýgysyz-gamsyz.Keýpiniň kök mahallary ol käte aýdyma hem hiňlenerdi (A. Gowşudow). Keýpine düşmek bir zadyň höwesine kowalaşmak, yşkyna düşmek. Keýpine sogan dogramak ser. Keýpini bozmak. Şowsuzlyklar olaryň keýpine sogan dograýardy. Keýpine şärik geçirilýän çärä, işe özüniň dahyly bolman, diňe daşyndan tomaşaçy hökmünde gatnaşýan (adam hakynda). Onuň beýle zatlar bilen işi bolmaz, ýöne bir keýpine şärik adamdyr. Keýpini bozmak ruhy dünýäsine galagoplyk aralaşdyrmak, gamlandyrmak, tukatlandyrmak. Şol söz onuň keýpini beter bozjagyny aňlany üçin göwünlik berdi (B. Kerbabaýew). Keýpini gaçyrmak ser. Keýpini bozmak. Bu nämälim howsalaly ýagdaý adamlaryň keýpini bozdy (B. Seýtäkow). Keýpini uçurmak ser. Keýpini bozmak. Abadanyň çaý başynda beren gürrüňleri çopanyň keýpini uçurdy (“Edebiýat we sungat”). Keýpini görmek bir zadyň lezzetinden hezil etmek. Keýpiňi köklemek (sazlamak) bir zatdan doly kanagatlanmak, göwün solpusyndan çykmak, göwnüňi hoşlamak. Ýolagçylar çaý-suwdan keýplerini köklediler. Keýpiň kelläňde öz meýliňe görä, öz eliň, öz ýakaň, ygtyýar özüňde. Haýsy okuwa gitseň, şoňa git, keýpiň kelläňde.


Son arananlar: