turklehceleri.org

kebelek

Türkmencenin Açıklamalı Sözlüğü (Kyýasowa, 2016)

kebelek

[kevelek] I, at. 1. Iki jübüt ganatly dürli reňkdäki mör-möjekler toparyna degişli uçýan jandar. 2. zergärç.s. Ýaşuly aýallaryň kümüşden ýasalyp, ýüzüne pöwrize, aýna gaşlary oturdylan we alyn daňylaryna tikip dakynýan kebelek şekilli maňlaý şaýy. 3. Halylaryň älemine kebelege meňzedilip salynýan owadan nagyş ady.
 ‣ Kebelek bolmak biriniň daşynda çyn ýürekden pyrlanmak, aýlanmak, hozanak bolmak Iýjegiňi, geýjegiňi taýýar edip, enem ikimiz daşyňda kebelek bolmaly hem bolsa boljak (A. Durdyýew).


Son arananlar: