turklehceleri.org

jyn

Türkmencenin Açıklamalı Sözlüğü (Kyýasowa, 2016)

jyn

at. Köneden gelýän düşünjä görä adama her hili görnüşde görünýän we täsir edýän mahluk, al- arwah. Jynmu sen, ýa almu sen, janyma ajalmu sen (Zelili).
 ‣ Jyn dargan ýaly dargamak dumly-duşa pytramak, duw-dagyn bolmak. Jyn kakmak bir hili akylyň üýtgän ýaly bolmak. Jyn kakan ýaly zym- zyýat bolmak birden ýok bolmak, ýitmek. Jyn urmak bir zada sezewar bolmak, şowsuzlyga uçramak. Garly ussa, oňa näme jyn urduka? (A. Gowşudow). Jyn ýaly örän ýeser, dogumly. Görogly jyn ýaly çalasyn zaňňar (“Görogly”). Jynyň almak sulhuň alyp, birini gowy görmek. Jynyň almazlyk gowy görmezlik, halamazlyk. Şuny bir hili jynym alanok. Jynyň atlanmak nämedir bir zada gaharyň gelmek. Jynyň düşmek bir zada ýa-da birine birsyhly üns bermek, bir zat ýa-da biri barada hemişe alada etmek. Jynyň jyňkyryşmazlyk biri-biriňi gowy görmezlik, gep- gürrüňiň alyşmazlyk, biri-biriň bilen düşünişmezlik, oňuşmazlyk. Meniň onuň bilen jynym jyňkyryşmaýar (A. Durdyýew).


Son arananlar: