turklehceleri.org

jan

İngilizce—Türkçe Sözlük (FreeDict, 2017)

jan. /ˌɪntəsˈɛkʃən/

1. (kıs.) January.

Türkmencenin Açıklamalı Sözlüğü (Kyýasowa, 2016)

jan

[ja:n], at. 1. Adama, janly-jandarlara we ösümlikler dünýäsine dirilik berýän ruh. 2. Adamyň içki ruhy dünýäsi, onuň aň-paýhasy, duýgy-düşünjesi. 3. Söýgi, gadyr-gymmat bildirilip, adam ady bilen bile aýdylýan söz. Özümiň öz öýümde ejem janyň ornuny tutýandygyma buýsanýaryn (“Türkmenistan”). 4. Maşgala agzalarynyň sany görkezilmeli bolanda "adam", "baş" sözleriniň deregine ulanylýan söz. Seniň maşgalaňda heniz zähmete ýaramadyk çagalar bilen birlikde dokuz jan bar (A. Gowşudow). 5. Ýürekden syzdyrylyp aýdylýan, şatlyk bildirýän söz. Jan! Sesiňe döneýin, bagşy!
 ‣ Jana batmazlyk göwne ýaramazlyk, göwnejaý bolmazlyk. Asyl siziň at idedişiňiz jana batanok, şonuň bir çetinde özüm bolmasam boljak däl (A. Gowşudow). Jana dert bolmak birine azar bolmak, ýük bolmak. Jana gelmek 1) täzeden janlanmak, janly durmuşa eýe bolmak. 2) janlanmak, herekete gelmek. Töwerek jana gelen ýaly boldy.Jan agyrtmak yhlasly, janypkeşlik bilen ýapyşmak, janyňy aýamazlyk. Jan ajygly jany ýanyp duran, ahmyrly, ölüm howply, gazaply. Ýaralanan jan ajygly gaplaň dek topuldy. Jan alyp, jan bermek gazaply söweş alyp barmak, ölüm-ýitimli uruş etmek. Jan aýamazlyk yhlas bilen işlemek, aranyňy- ýadanyňy bilmän işlemek, jan gaýgyrman zähmet çekmek. Bu gün ýaşlar jan aýaman işlediler. Jan başyna adam başyna, her bir adama, her bir kişä. Jan berene jaý ber gyssama, öz ugruna, öz maýdalyna goýber. Jan bermek 1) janlandyrmak, dikeltmek, täzeden güýje getirmek, sana goşmak. 2) janyňy gurban etmek. Jan çekmek biri ýa-da bir zat hakda köp alada etmek, bir ýumşy ýerine ýetirjek bolup dyrjaşmak, zähmet çekmek, bir maksady amala aşyrmaga çalyşmak. Jandan doýmak janyňdan bizar bolmak, öz- özüňden irmek, durmuşdan ýadamak, doýmak. Ýesir bolup, munda gelip, Jandan doýan ýaly boldum (Zelili). Jan emgemezlik janyňy gynamazlyk, yhlas bilen ýapyşmazlyk, äwmän işlemeklik. Jan etmek ser. Jan çekmek. Ol jan edýärdi. Jan gerekmi, pyçak ikiden birini et, haýsyny saýlasaň, öz işiň; gyssagarada şert goýmak. Jan giren ýaly bolmak täzeden güýç almak, janlanmak, ruhlanmak. Daş-töwerege täzeden jan giren ýaly boldy. Jan girmek jansyz zatlar janlanmak, direlmek; pyntyk ýaryp ösüp başlamak (janly-jandar, ösümlikler we ş.m. hakynda). Adamlara-da täzeden jan giren ýaly boldy (B. Seýtäkow). Jan howluna ölüm howply ýagdaýda, jany çykmazynyň öňüsyrasynda, öň ýanynda. Ok degen gaplaň jan howluna tüpeň sesi çykan tarapa bökdi.Jan paralamak örän yhlasly aýtmak, janygyp aýtmak. Jan sany maşgalanyň adam sany. Jan suwy pomidoryň we beýleki ekinleriň şitili oturdylanda olaryň janlanmagy, düýp tutmagy üçin berilýän suw. Jany bar dogry, hakykata laýyk, ugry bar. Jany jana gatmak biri-biriňe ýürekden wepaly bolmak. Bir dost bilen jany-jana gataýyn (Seýdi). Jany jöwen ekmäge gitdi öldi, ýogaldy, amanadyny tabşyrdy. Jany karkara gelmek ýaşaýşyň soňky pellesine ýetmek, janyň bokurdaga gelmek. Janyna kast etmek birini öldürmek ýa-da öldürjek bolup şikest ýetirmek. Janyna ot salmak howsala düşürmek, galagoply ýagdaýa salmak. Janyna ýetişmek ölümden halas etmek, öz wagtynda kömege ýetişmek, howpdan gutarmak. Ol gyz atasynyň janyna ýetişdi, ýogsam ol ölüp giderdi (Halk ertekisinden). Janyny jähenneme ibermek (ugratmak) öldürmek. Janyňa degmek güýçli täsir etmek, örän gaty degmek (özüňe ýaramaýan hereket ýa söz hakynda). Janyň agyrmak ser. Janyň ýanmak. Ana, şoňa meniň janym agyrýar (B. Kerbabaýew). Janyňa kast etmek 1) özüňi öldürmek. 2) öler ýaly işlemek, ýadawlygy bilmän, köp işlemek, agyr iş edip, özüňi horlamak. Janyňa noş bolsun! iýeniň, içeniň janyňa ýarasyn. Janyň ara girmekser. Janyň aram tapmak. Janyň aram tapmak ynjalyk tapmak, rahatlyk aralaşmak, ynjalmak. Janyňdan geçmekser. Janyňy gurban etmek. Gaýrat edip, şirin jandan geçeli, Gylyçdan gyrmyzy ganlar seçeli, Duşman bilen aramyzy açaly, Hemme şol ykrara gurulsyn imdi (Seýdi). Janyňdan syzdyrmak ýürekden aýtmak, janygyp, ak ýürekden aýtmak. Janyňy barlamak özüňi barlap görmek. Janyňy gurban etmek Watanyň ýa-da bir gowy görýän adamyň ugrunda özüňi heläk etmek, bir zadyň ugrunda jan bermek, gurban bolmak, ölmek. Janyň şypa tapmak hezil etmek, sagalmak, daýawlanmak, gurplanmak. Janyň ujy hezil, rahat,gaty oňat. Şular ýaly adamlar bilen işlemek janyň ujy. Janyňy ynanmak birine ynam etmek, bütinleý ynanmak. Janyň ýanmak (köýmek) agyr degmek, erbet täsir etmek. Jany (saly) suw üstünde haly harap, gorkuly ýagdaýda. Ol kömek etmekden-ä geçen, özüniň jany suw üstündedi. Jan ýakmak gaty käýinmek, zeýrenmek.

Uygurca – Türkiye Türkçesi Sözlüğü (Kurban, 2016)

jan

f. Can. Tirik jan – Yaşayan. Jéni yoq – Canı yok. Ular nechche jan? – Onlar kaç nüfus? Jan moma – Canım anneannem. Jan almaq – Can almak. Jan ayimay – Canım esirgemeden. Achchighidin jéni chiqip ketti – Çok kızdı, çok öfkelendi. Jan üzmek – Ölmek. Jéni aghzigha kélip qaldi – Canı ağzına geliverdi. Jan baqmaq – Geçinmek. Janning bériche – Canla başla. Jan bermek – Ölmek. Jan talashmaq – Can çekişmek. Jan kirgüzmek – Can yermek. Jan kirmek – Canlanmak. Jangha tégmek – Bıkmak, usanmak, bezmek, can sıkmak. Jan küydürmek – Acımak. Jéni chiqti – Canı çıktı. Jéning chiqsun! – Canın çıksın! Jénimdin toydum – Canımdan bezdim. Jénimni pida qilimen – Canımı feda edeceğim. Yérim jan – Yarım canlı, hasta. Uni jénimdek körümen – Onu canım kadar seviyorum. Men uni jénimdek yaxshi körümen – Ben onu canım gibi seviyorum. Jénining bériche ishlidi – Canla başla çalıştı. Jandin qechken – Canını kıyan. Bir jan bir ten bolup yashimaq – Tek vücut olarak yaşamak. Düshmen jan-jehli bilen qarshiliq körsetmekte – Düşman bütün gücü ile direnmekte. U öz jenini saqlaydu – O canını koruyor.


Son arananlar: