iner
Türkmencenin Açıklamalı Sözlüğü (Kyýasowa, 2016)
iner
at. 1. Inen arwana bilen bugradan bolan boýny tüýlek erkegiň bir görnüşi. Birden aşak seretse, baýyň inerleri otaryp ýörenine gözi düşýär (“Türkmen halk ertekileri”). 2. göç.m. Özünden kiçi oglana söýgi, mylakatlyk bildirilip aýdylýan ýüz tutma sözi. – Inerim, näme kär edýärsiňiz? – diýip, meniň garşymda oturan garaýagyz, doluşgan ýaşuly sorady (“Edebiýat we sungat”). 3. Oglana dakylýan at.
‣ Iner ýaly (kimin) güýçli, gujurly, çydamly. Onuň dört sany iner ýaly ogly bar.