turklehceleri.org

händek

Türkmencenin Açıklamalı Sözlüğü (Kyýasowa, 2016)

händek

[hännek], at. Laýdan haýat galdyrylanda oýulyp galýan çuň çukur, laý alnan ýer, hendek. Böke- böke händekden, ýadadym-la ýandakdan (K. Taňrygulyýew). Maýdalaryny hapyr-supurlar bilen garyp händege dökýärdiler (N. Pomma). Şu gelüwine galanyň teýinde händekde kerepläp ýatan gök suw bar eken (“Görogly”). Galanyň öňünde laý alnan çuň händek bar (A. Gowşudow).


Son arananlar: